Elektromobiller käbir awtoulagsöýüjileri lapykeç edensoň, içinden ýandyrylýan hereketlendirijilere gyzyklanma täzeden güýçlendi. Köp awtoulag öndürijiler we hususy ussahanalar şeýle hereketlendirijileriň täze modellerini işläp taýýarlamaga başladylar. Muňa mysal hökmünde Boreham Motorworks britan kompaniýasynyň Boreham Ten-K hereketlendirijisini görkezmek bolar. Bu hereketlendiriji öz ideýalaryny köne Formula 1 tehnologiýalaryndan alýar, ýöne onda häzirki zaman gymmat MGU-K we MGU-H ulgamlary ýok – bu arassa atmosferaly (turbo güýçlendirijisiz) hereketlendirijidir. Onup görnüşi 2,1 litrlik, dört silindrli. Kuwwaty: 10 000 aýlawda 324 at güýjüni öndürýär. Agramy bolsa bary-ýogy 85 kg, bu ýol awtoulaglarynyň analoglaryndan ep-esli ýeňil diýmekdir. Hereketlendirijini täzeden dikeldilen Ford Escort Mk1 RS modeline gurnamak meýilleşdirilýär. Hereketlendirijide indiwidual drossel gapaklar, kemer bilen dolandyrylýan goşa kamera ulgamy we aşa ýeňil içki komponentler bar. Hereketlendiriji blogy ýuka diwarly 3D çapdan peýdalanýar, bu bolsa "içki bölekleri jebis ýapmaga" mümkinçilik berýär. Ten-K häzirki wagtda stend we kalibrleme synagyndan geçýär. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, hereketlendiriji eýýäm "öndürijilik maksatlaryndan ýokarydyr".

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir