Porsche kompaniýasy Latyn Amerikasyndaky şahamça kärhanasynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Latyn Amerikasynyň Nyşanlary" atly ýörite seriýasyny döretdi. Bu hatardaky ilkinji awtoulag Kolumbiýadaky Amazon tropiki tokaýlygyndan ylhamlanan özboluşly 911 GT3 Ocelot sport awtoulagydyr. Model ýerli ýabany pişik oselotyň adyny aldy. Sport ulagynyň kuzowy Forest Green Metallic reňkine boýaldy. Günüň şöhlesinde boýagy ýaşyl reňkiň dürli öwüşginleri bilen öwşün atýar. Kuzowyndaky kümüşsöw öwüşginler 1960-njy ýyllaryň nusgawy 991 modelini ýada salýar. Awtoulagyň içi hem jikme-jikliklere uly üns berlip bezelipdir: açyk goňur reňkli oturgyç daşlyklary kelle direginde oselotyň sudury bilen bezelipdir, kletkaly nagyşly nusgawy Pepita matasy ýabany pişigiň sütükleriniň äheňlerini gaýtalaýar. Tehniki taýdan 911 GT3 Ocelot-yň adaty modelden tapawudy ýok: kapotyň aşagynda el bilen geçirişli gutuly 510 at güýjüni (450 Nm) öndürýän atmosferaly 4,0 litrlik alty silindrli hereketlendiriji bar. Iconos de Latinoamerica seriýasyna ýene birnäçe model girer. Olaryň hersi belli bir sebite bagyşlanar we onuň tebigy hem-de medeni aýratynlyklaryny öz içine alar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir