Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6-9-njy noýabrda Polşanyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 7-nji Halkara toparlaýyn matematika bäsleşigine (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, bu bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary Bendow Kerimguly we Haýytmuhammedow Yslam toparlaýyn bäsleşikde üstünlikli çykyş edip kümüş medala mynasyp boldular. Uniwersitetiň talyby Bendow Kerimguly şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy. Sileziýa uniwersitetinde geçirilen bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.