14-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi G.Elýasow Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, umumy ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyk, özara hormat goýmak we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde sazlaşykly we özara goldawly gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň iki ýurduň umumy bähbitlerine doly laýyk gelýändigini bellenildi. Şol bir wagtda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.