“Aldaw illýuziýasy 3” (Иллюзия обмана 3) filmi ilkinji dynç günleri 75,5 mln dollar ýygnap, dünýäde kassa ýygymy boýunça öňdebaryjy boldy. Gözbagçy talaňçylar baradaky waka Demirgazyk Amerika bazarynda 21,3 mln dollar, beýleki sebitlerde 54,2 mln dollar gazandy. Tomaşaçylar filme ýokary baha berdi: CinemaScore-yň maglumatlaryna görä, film B+ bahasyny, Rotten Tomatoes saýtynda bolsa 80% oňyn ses aldy. Bu filme prokatyň geljekki hepdelerinde-de gowy kassa ýygymyny saklamaga kömek edip biler. Şol bir wagtyň özünde, Edgar Raýtyň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) filmi has pes netije görkezip, analitikleriň tamasyny ödemedi. Stiwen Kingiň romanyna esaslanan bu film bary-ýogy 28,2 mln dollar gazandy. Kinoteatrlarda prokata şowsuz başlandygy sebäpli, filmi eýýäm 16-njy dekabrda onlaýn çykarmak kararyna geldiler. Filmiň býujeti 110 mln dollar bolupdy. Ozal çykan “Ýyrtyjy” (Хищник) bolsa garaşylmadyk ýagdaýda üstünlikli boldy. Ol bütin dünýäde 136,3 mln dollar ýygnady, bu bolsa inflýasiýany we hytaý bazaryny hasaba almasaň, seriýanyň ähli filmleriniň arasynda ikinji iň gowy netijedir. Baş keşplerde Leonardo Di Kaprio we Şon Penni bilen “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) filminiň kassa ýygymy 200 mln dollar boldy. Ol ABŞ-da 70,1 mln dollar we daşary ýurtlarda 130,1 mln dollar gazandy. Muňa garamazdan, filmi üstünlikli diýip hasaplap bolmaz, çünki onuň býujeti 130 mln dollar boldy. Ýöne bu režissýor Pol Tomas Anderson üçin rekorddyr. Tankytçylar hem filme ýokary baha berdi (Rotten Tomatoes-de 94%) we Oskar üçin esasy dalaşgär hasaplady. Film 14-nji noýabrda onlaýn çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir