Dünýäde iň beýik otel diýlip resmi taýdan ykrar edilen Dubaýdaky täze Ciel Dubai Marina oteli ilkinji myhmanlaryny kabul etdi diýip, The National neşiri ýazýar. Binanyň gurluşygyna 2 mlrd dirham (544 mln dollar) sarp edildi. Myhmanhananyň açylyşy 15-nji noýabrda boldy: ilkibaşda dabara 2024-nji ýyla meýilleşdirilipdi, ýöne möhlet yza süýşürildi. Otelde 82 gatda ýerleşdirilen 1004 otag bar. Ciel Dubai Marina-nyň beýikligi 377 metre barabar. Ozal rekord Dubaýdaky başga bir otele – 356 metrlik Gevora Hotel-e degişlidi. The National neşiriniň maglumatlaryna görä, Dubaý beýik myhmanhana pudagynyň global merkezi bolmagynda galýar: dünýädäki iň beýik on oteliň sekizisi hut bu ýerde ýerleşýär. Olaryň arasynda ýelken şekilinde gurlan Burj Al Arab hem bolup, onuň beýikligi 321 metre ýetýär. Neşir emirlikde beýik myhmanhanalary gurmak ugruny ösdürmegiň dowam etdirilýändigini belleýär. Häkimiýet täze taslamalaryň has köp syýahatçyny özüne çekmegine we Dubai Marina sebitine bolan gyzyklanmany artdyrmagyna bil baglaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir