Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler. Grok 5-iň parametleri häzirki modelden iki esse köp bolar. Mask EA-nyň has tiz we akylly boljakdygyny belledi – inženerler oňa internetden netijeli peýdalanmagy we wideolary hakyky wagtda seljermegi öwredýär. Häzir Grok Maskyň kompaniýalarynda, şol sanda X sosial ulgamynda, Tesla awtomobillerinde we Starlink hemra internetiniň goldawy üçin ulanylýar, geljekde Mask ony Tesla Optimus robotlarynda hem ulanmagy meýilleşdirýär. Täze wersiýany döretmek işi hünärmenleri çekmegi we köp enjam gurnamagy talap edýär. Memfisdäki Colossus maglumat merkezinde eýýäm, takmynan, 200 000 EA tizleşdirijisi işleýär we kompaniýa olaryň sanyny milliona ýetirmek isleýär. Iýun aýyna çenli ýagdaýa görä, xAI emeli aňyň ösüşine aýda, takmynan, 1 mlrd dollar sarp etdi, bu bolsa Meta, Alphabet, Amazon we Microsoft ýaly beýleki uly kompaniýalaryň maýa goýum çykdajylaryndan birnäçe esse azdyr.