“Garri Potterden” Sewerus Sneýpiň keşbi bilen has tanalýan aktýor Alan Rikmanyň şahsy goşlary Londondaky Propstore auksionyna çykarylar. The Guardian neşiri olaryň arasynda “Ýanbermez” (Крепкий орешек) we “Garri Potter” filmleriniň ssenarileriniň hem bardygyny habar berýär. Auksion öýi Rikmanyň, köplenç, öz gatnaşan taslamalary bilen baglanyşykly predmetleri saklandygyny belleýär. Goşlaryň arasynda iň gymmatlysy onuň kinodaky ilkinji çykyşyna – “Ýanbermez” filmine bagyşlanan kolleksiýadyr. Ol golýazma bellikleri bolan we söhbetleriň başgaça görnüşi ýazylan ssenarini, metbugat bukjalaryny we Londondaky gala görkezilişine çakylygy öz içine alýar. Bu toplumyň bahasy 30-60 müň funt sterling bilen bahalandyrylýar. Şeýle-de, aktýoryň “Ýanbermez” filminden 100 müň dollarlyk gazna puly satuwa çykarylar. Onuň bahasy 1-2 müň funt sterlinge barabar. Garri Potter baradaky filmler bilen baglanyşykly predmetleriň arasynda “Jadygöýiň daşynyň” önümçilik topary tarapyndan sowgat edilen altyn çaýylan jübi sagady (2-4 müň funt), kitaplar toplumy (1-2 müň), Sewerus Sneýpiň heýkeljigi (500-1000 funt) we Rupert Grint tarapyndan çekilen Hellouin üçin hat (2-4 müň funt) bar. Auksiona Rikmanyň başga goşlary-da çykarylar. Auksion 5 – 7-nji dekabrda geçiriler. Alan Rikman 2016-njy ýylyň ýanwarynda rak keseli sebäpli aradan çykdy. Ol 69 ýaşyndady. Onuň filmografiýasynda onlarça rollar we köp sanly abraýly baýraklar bar. “Garri Potteriň” täze serial görnüşli ekranlaşdyrmasynda Sewerus Sneýpiň keşbini Paapa Essýedu ýerine ýetirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir