Itleriň gelip çykyşy we eldekileşdirilmegi häli-häzire çenli ylymda iň köp öwrenilýän temalaryň biri bolmagynda galýar. Science žurnalynda neşir edilen täze gözleg itleriň arasyndaky tapawutlaryň häzirki tohum çykarmak usullaryndan has öň ýüze çykyp başlandygyny görkezýär. Ýewropa uniwersitetleriniň birnäçesinden alymlar gadymy itleriň we olaryň ata-babalary bolan möjekleriň 643 kelleçanagyny öwrendi. Käbir tapyndylaryň ýaşy 50 müň ýyla ýetýär. Üç ölçegli analiziň kömegi bilen alymlar kelleçanaklaryň şekiliniň we ölçeginiň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgändigini yzarlady. Ýöne hünärmenlerde haýwanlaryň tüýüniň reňki ýa-da olaryň özüni alyp barşy barada maglumatlaryň ýokdugy sebäpli olar bu itleriň haýsy tohumlara degişlidigini kesgitläp bilmedi. Angliýanyň Ekseter uniwersitetinden bioarheolog Karli Amin tapylan kelleçanaklaryň arasynda buldoglara, mopslara ýa-da bulterýerlere mahsus bolan aşa üýtgeşik kelleçanak aýratynlyklarynyň bolmandygyny aýtdy. Netijeler itlerde fiziki tapawutlaryň, takmynan, 11 müň ýyl ozal döräp başlandygyny görkezdi. Bu bolsa tohumlaryň diňe XVIII-XIX asyrlarda çaknyşdyrmak usullary bilen ýüze çykandygy baradaky çaklamany ret edýär. Monpelýe uniwersitetinden bioarheolog Allowen Ewin “kelleçanaklaryň uly üýtgeşmeleriniň eýýäm taryhdan öňki döwürlerde bolandygyny” belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir