17-nji noýabrda Daşkentde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak we gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. «Kuksaroý» köşgüniň metbugat maslahatlary otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi we alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama; biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyk; 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky halkara awtomobil ýolagçy we ýük gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama; 2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Adalat ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; 2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; 2026 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň arasynda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Ýol kartasy»; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar. Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bolsa iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň täze gözýetimlerini açar. Resminamalary alyşmak we gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.