17-nji noýabrda Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde Serdar Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny belledi. Özbek Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Ýeri gelende, şu ýylyň 24-nji aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow hem «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir