Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi aşakdaky dersler boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär: Ynsanperwer, tebigy-ylmy we tehniki ugurlar boýunça mekdepden daşary bilim - astronomiýa, biologiýa, fizika, himiýa, matematika; türkmen dili, rus dili, iňlis dili, hünäri boýunça iňlis dili (Hukuk öwreniş hünäri), nemes dili, fransuz dili, arap dili, türk dili, hytaý dili, pars dili, italyan dili; kompýuter boýunça okuwlar - kompýuter sowatlylygy, kompýuter grafikasy, çuňlaşdyrylan kompýuter tehnologiýalary (programmirleme), kiberhowpsuzlygyň esaslary, maglumatlar bazalary, sanly ykdysadyýet, kompýuter torlary, bilimde robot ulanmagyň tehnologiýalary, emeli aň we maglumat bilimi, VR-AR tehnologiýasy, mugallymyň işinde bilimiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde häzirki zaman maglumat tehnologiýalary; Hukuk öwreniş boýunça kurslar - Türkmenistanyň durmuş üpjünçilik hukugynyň esaslary, Türkmenistanyň zähmet hukugynyň esaslary; Pedagogika we psihologiýa kurslary - suhangöýlük ussatlygy, amaly psihologiýa, umumy pedagogika we pedagogik psihologiýasy; Işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak -orta hünär bilim ulgamynyň pedagogik işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagyň psihologik-pedagogik esaslary. Okuwlar tölegli. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi talyp ýaşlary, professor mugallymlary we ildeşlerimizi ylmy we ylmy-barlag işleri şertnama esasda geçirmäge çagyrýar. Ýerine ýetirilýän ylmy iş netijeli bolmaly we geljekde önümçilige ornaşdyrylmaly. Salgysy: Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31 Habarlaşmak üçin: telefon: +99312 94 51 55 faks: +99312 94 51 62 Web sahypa: tducentre.edu.tm elektron poçta: info@tducentre.edu.tm