17-nji noýabrda Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyny «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmakdan başlady. Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi. Seýilgäh 100 gektardan gowrak meýdany eýeläp, ýurduň iň uly medeni we dynç alyş seýilgähi hasaplanýar. Ol 2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açyldy. Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyzlyk» ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň keşbi ýerleşdirilipdir. Onuň eteginde «Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň müdimilik hakydasyna» diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Hereketleriň strategiýasynyň ileri tutulýan bäş ugruny alamatlandyrýar. Seýilgähiň merkezi böleginde «Garaşsyzlyk» ýadygärligi ýerleşýär. Ol biziň eýýamymyza çenli özbek topragynda döredilen döwletleri, beýik şahsyýetleriň durmuşyny we bitiren işlerini açyp görkezýän taryhyň üç döwrüni özünde jemleýändigi bilen ünsi özüne çekýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir