2025-nji ýylyň 20-22-nji noýabrynda Balkanabat şäheriniň köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Sergi EYR-nyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçiliklerini görkezmek we iki goňşy döwletiň arasynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Sergä Gülüstan welaýatynyň öňdebaryjy önümçilik işewürleri gatnaşýar. Türkmen işewürleri, maýadarlary, gyzyklanma bildirýän ähli adamlar sergide hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny açmak üçin mümkinçilik alar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir