Google kompaniýasy täze EA mümkinçilikleri bolan “Google Suratlar” programmasyna täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar fotosuratlardaky detallary redaktirläp bilerler, mysal üçin äýnekleri aýryp, ýylgyryş goşup ýa-da suratdaky adam surata düşen wagty gözüni ýuman bolsa, ony açyp biler. Bularyň hemmesi ýönekeý buýruklar arkaly amala aşyrylýar. Aýdylan teklipler boýunça redaktirleme funksiýasy awgust aýynda Pixel 10 (ýa-da Pixel telefonlarynyň soňky görnüşleri) Android enjamlary üçin çykypdy, indi bolsa iOS-yň ulanyjylary üçin hem elýeterli boldy. Buýruklar ses ýa-da tekst arkaly girizilip bilner. Täzelenme häzirlikçe diňe ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterlidir. Şeýle hem, Google iOS üçin täze surat redaktoryny hödürledi. EA suratdaky adamlary tanamaga we maksatlaýyn üýtgeşmeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, programma retro portretler we elde çekilen gahrymanlar ýaly täsin stillerde suratlary döretmek üçin şablonlar goşuldy. Indi interfeýsde EA mümkinçiliklerine we redaktirleme üçin taýýar tekliplere giriş nokady bolup hyzmat edýän "Soramak" düwmesi bar. Kompaniýa şeýle hem, EA bilen işleýän Ask Photos gözleg funksiýasyna girişi giňeltdi – ol häzirki wagtda 100-den gowrak ýurtda elýeterli we rus, arap, bengal, fransuz, nemes, hindi, indoneziýa, italýan, ýapon, portugal we ispan ýaly täze dilleri goldaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir