Hytaýda Chery Fulwin X3L gibrid krossoweri Týanmen dagynda meşhur “Asman Merdiwanyna” çykyp bilmedi we syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi diýip, Jimu News habar berýär. Awtomobil basgançaklara çykmaga synanyşdy, ýöne yza gaýdyp baryp germewe uruldy. 999 basgançakdan ybarat we uzynlygy takmynan 300 metr bolan merdiwan dünýäde iň kötel ýerlerden biri hasaplanýar — käbir ýerlerinde eňňidi 60 derejä ýetýär. Chery kompaniýasy täze krossoweriniň aşakdan ýokarlygyna çykyp bilýän az sanly ulaglaryň biri bolmagyny meýilleşdiripdi. Emma synanyşyk şowsuz tamamlandy: awtoulag typyp, germewe uruldy we merdiwanyň bir bölegine zeper ýetirdi. Bu waka Hytaýyň sosial torlarynda gyzgalaňly jedele sebäp boldy. Şaýatlaryň sözlerine görä, awtoulag wakadan soň birnäçe sagat basgançakda galypdyr, desga giriş bolsa iki günläp ýapyk bolupdyr. Kompaniýa töwekgelçilige ýeterlik baha bermändigini we çärä ýeterlik gözegçilik etmändigini boýun aldy. Chery ýeten zyýany öz hasabyna tölemegi wada berdi. Chery Fulwin X3L krossoweri Hytaýda ilkinji gezek güýzüň başynda çykdy. X3-iň bu wersiýasynda kuzow 16,5 santimetr uzaldylan. Awtomobil modeline baglylykda, içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi (DWS) we bir ýa-da iki elektrik hereketlendirijisi bolan gibrid ulgam bilen işleýär. Gibridiň ýöreýiş ätiýaçlygy 1200 kilometr diýip yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir