Kim Kardaşýanyň Skims egin-eşik brendi maýa goýumlaryň täze tapgyrynda 225 million dollar toplady. Reuters habarlar gullugynyň habaryna görä, bu şertnamadan soň kompaniýanyň bahasy 5 milliard dollara galdy. Habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Skims häzirki wagtda bazar kapitalizasiýasy takmynan 2,86 milliard dollar bolan esasy bäsdeşi Victoria's Secret-den takmynan iki esse gymmat. Täze tapgyryň maýa goýujylarynyň arasynda Goldman Sachs Alternatives we BDT & MSD Partners bar. Skims brendi 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ABŞ-da onuň 18 dükany we Meksikada iki françaýzing dükany bar. Kompaniýa ýyllyk satuwynyň 1 milliard dollardan geçmegine garaşýar. Ýygnalan serişdeler önümleriň görnüşini, esasanam sport eşikleriniň görnüşini has-da giňeltmeklige sarp ediler. Skims öň Nike bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişipdi, bu bolsa brende sport eşigi segmentindäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.