20th Century Studios-yň YouTube kanalynda “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ilkinji tizer treýleri çykdy. Filmiň kinoteatrlardaky görkezilişi 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär. Täze film Dewid Frenkeliň meşhur komediýasynyň dowamy bolar. Enn Heteueý we Meril Strip ýene-de Endi Saksyň we Miranda Pristliniň keşplerini ýerine ýetirerler. Ýordum boýunça Miranda Pristli sanly döwrüň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar: onuň ýalpyldawuk žurnaly onlaýn neşirler bilen bäsleşmeli bolýar. Olaryň birine Emili Blantyň gahrymany ýolbaşçylyk eder. Rolikde tomaşaçylar Runway redaksiýasynyň howasyna dolanyp barýar. Endi ýene tanyş ofisde peýda bolýar we liftde Miranda duş gelýär. Sikwelde Ledi Gaganyň hem peýda boljakdygy mälim edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir