Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar. Neuralink neýronlaryň işjeňligini okaýan implant döredýär. Ysmaz bolan ýedi adam eýýäm öz pikirleri bilen kompýuteri dolandyryp bildi we 2025-nji ýylyň güýzünde synaga gatnaşyjylaryň sany on iki adama ýetdi. Optimus robotlary hirurgiýadan başlap, adamlary ugratmak ýaly dürli meselelerde kömekçi hökmünde işlenip düzülýär. Mask eger neýrointerfeýs beýniniň maglumatlaryny doly ele alyp bilse, robot bolsa ýeterlik derejede kämil fiziki esas (göteriji) öwrülse, nazary taýdan adamy sanly görnüşe "göçürip" boljakdygyna ynanýar. Telekeçi şeýle tehnologiýanyň howpsuz bolmalydygyny we ähli ýatlamalary gorap saklamaga mümkinçilik bermelidigini belleýär. Alymlar Maskyň 20 ýyl baradaky çaklamasyny aşa optimistik hasaplaýarlar: beýni entek doly öwrenilenok we aňy maglumat bazasyna öwrüp boljagyny-bolmajagyny hiç kim bilenok. Häzirki neýrointerfeýsler diňe ýüzlerçe elektrod bilen işleýär, beýnini doly “skanirlemek” bolsa milliardlarça okaýyş nokatlaryny we ägirt uly hasaplaýyş güýjüni talap edýär. Maskyň özi hem çaklamasynyň takyk möhletli kesgitli meýilnama däldigini, diňe geljegi uzakdan göz öňüne getirmedigini nygtaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir