Rolls-Royce awtoulaglarynyň týuningi bilen meşgullanýan Novitec kompaniýasynyň Spofec bölümi doly elektrikli Rolls-Royce Spectre Black Badge kupe-siniň ýörite wersiýasyny hödürledi. Kämilleşdirmeler diňe daşky görnüşi däl, eýsem, elektromobiliň häsiýetnamalaryny hem öz içine aldy. Täze wersiýa boýaglanmadyk karbondan ýasalan kuzow elementleri bilen tapawutlanýar. Kupe goşmaça LED yşyklar bilen üýtgedilen öňki bamper we ýokary tizlikde basma güýjüni gowulandyrmaly bolan yzky bölekde spoýler aldy. Elektromobil Vossen bilen bilelikde işlenip düzülen 17 şöhleli 24-dýuýmly Spofec SP4 diskler bilen enjamlaşdyryldy. Diskleri 48 dürli reňkde sargyt edip bolýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, sürmegiň rahatlygyny saklamak bilen awtoulagy has çalasyn edýän ýörite (kaustom) asma ulgamynyň hasabyna klirens 35 mm peseldildi. "Draýwer" wersiýasy bolan Black Badge-de, iki sany elektrik hereketlendirijili Spectre 659 at güýjüni we 1075 Nm aýlanyş pursatyny ösdürip, 100 km/sagat tizlik sütünini 4,1 sekuntda alýar.