Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Stole Solbakkeniň ýolbaşçylygyndaky topar myhmançylykda Italiýanyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy. Norwegiýa toparynyň düzüminde Erling Holand iki gol geçirdi. Norwegiýa saýlama ýaryşyny 24 utuk bilen tamamlap, I toparçada birinji orny eýeledi. Bu ýerde Italiýa, Ysraýyl, Estoniýa we Moldowa hem çykyş etdi. Topar 36:5 umumy hasap bilen sekiz oýnuň ählisini utdy. Milli ýygyndy 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatyna ýene gatnaşar – şol ýyl ol 1/8 finala çykypdy. Şeýle-de, UEFA zolagyndan DÇ-2026 üçin göni ýollamany öz toparçalarynda birinji orunlary eýelän Angliýa, Fransiýa, Horwatiýa we Portugaliýa kepillendirdi. Italiýa 18 utuk gazanyp, ikinji boldy we Ukraina, Çehiýa, Irlandiýa, Albaniýa, Şwesiýa, Rumyniýa we Demirgazyk Irlandiýa bilen bilelikde pleý-offda göreşi dowam etdirer. Pleý-off tapgyryna jemi 16 topar gatnaşar – 12 sany ikinji orunlary eýelän topar we Milletler ligasynyň toparçalarynyň 4 ýeňijisi. Pleý-offuň bije çekilişigi 20-nji noýabrda Sýurihde geçiriler. Ýatlap geçsek, ýaryşyň final bölegi 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçer.