“Astral-6” filminiň düşürilişi tamamlandy. Bu barada režissýor Jeýkob Çeýz sosial ulgamlarda habar berip, aktýorlar düzümine we düşüriji topara bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Sýužet barada maglumatlar entek gizlin saklanýar, ýöne bu gezek wakanyň üns merkezinde arwahdyr jynlary öwreniji Elis Raýneriň boljakdygy belli. Horroryň premýerasy 2026-njy ýylyň 21-nji awgustyna meýilleşdirilýär. Baş keşpleri Lin Şeý, Ameliýa Iw, Meýzi Riçardson-Sellers we Sem Sprýuell ýerine ýetirdi. Ssenarini Dewid Lesli Jonson-MakGoldrik (“Doga-2”) bilen awtordaşlykda Çeýz ýazdy. Prodýuserler Jeýson Blum, Oren Peli, Jeýms Wan we Li Uonnell boldy. Franşizanyň birinji bölümi, “Astral” 2010-njy ýylda çykdy. “Astral: Bölüm 2” üç ýyldan soň çykaryldy. Onuň yzyndan çykan “Astral 3” (2015) we “Astral 4: Soňky açar” (2018) prikwel boldy. “Astral 5: Gyzyl gapy” (2023) 16 mln dollar býujetde 189 mln dollar ýygnap, franşizanyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy. Ilkibaşda “Astral-6-nyň” premýerasy 2025-nji ýylyň 29-njy awgustyna meýilleşdirildi, ýöne ýanwarda Sony Pictures relizi bir ýyl yza süýşürdi.