McLaren Special Operations (MSO) bölümçesi Las-Wegasyň stilindäki dizaýn bilen özboluşly McLaren 750S Spider superkaryny hödürledi. Taslama Project Viva adyny aldy we awtomobilleri şahsylaşdyrmak boýunça MSO-nyň mümkinçiliklerini görkezýär. Awtoulag Las-Wegasda geçiriljek geljekki Formula-1-iň Gran-prisinde görkezmek üçin taýýarlandy, ony döretmek işine bolsa McLaren-iň sürüjileri Lando Norris bilen Oskar Piastri gatnaşdy. Awtomobiliň daşky bezegi Muriwai White ak we Vegas Lights gara reňklerini gök, gyrmyzy we ýaşyl öwüşginler bilen utgaşdyrýar. Project Viva-nyň kuzowy elde ýerine ýetirildi we şäheriň atmosferasyny hem-de britan brendiniň taryhyny görkezýän köp sanly suratlar bilen bezeldi. Awtomobilde oýun kubiklerini, kartlary, kazino stilinde ýazgylary we Las-Wegasyň gözel ýerlerini görüp bolýar. Yzky bamperde Formula-1-de Konstruktorlaryň Kubogynda “Maklareniň” gazanan ýeňişleriniň şanyna 10 ýyldyz ýerleşdirildi. Şeýle-de, kuzowda Brýus Maklareniň 1970-nji ýyldaky ýaryş şlemi we ýaryş toparynyň geljekki esaslandyryjysynyň ýaşlykda Täze Zelandiýadaky Muriwai Hill Climb ýaryşynda gazanan kubogy şekillendirildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir