“Jeýms Uebb” kosmos teleskopyna ilkinji gezek Uly partlamadan gysga wagtdan soň emele gelen ýyldyzlary gönüden-göni surata almak başartdy. Olar üçünji populýasiýa (Pop III) ýyldyzlary diýlip atlandyrylýar we seýrek obýektler bolup, Älemiň dörän eýýamynyň gadymy obýektleri hasaplanýar diýip, Phys.org žurnalynda aýdylýar. Toledo uniwersitetinden Ari Wisbalyň ýolbaşçylygyndaky ylmy gözleg şeýle ýyldyzlaryň döräp biljek ýeri diýlip pikir edilýän uzakdaky LAP1-B galaktikasyny öwrendi. Nazaryýet taýdan Pop III ýyldyzlary doly wodoroddan we geliden ybarat. Olarda diňe litiniň yzlary bolup bilýär, has giçki ýyldyzlarda döreýän “agyr” elementler bolsa şol wagtlar tebigatda ýokdy. “Jeýms Uebb” LAP1-B galaktikasynda ýyldyzlaryň agramy, takmynan, 50 mln Gün massasyna barabar bolan garaňky materiýanyň dykyz buludynda emele gelendigini görkezdi. Olaryň öz agramy 10-dan 1000 Gün massasyna ýetýär we olar umumy agramy birnäçe müň Gün massasy bolan ykjam toparlara birleşýär. Gözegçilik ilkinji ýyldyzlar baradaky esasy çaklamalar bilen gabat gelýär. LAP1-B entek bu statusa dalaşgär bolup galýar we tassyklamak üçin alymlara goşmaça spektral gözlegleri geçirmek gerek. Eger çaklama tassyklansa, astronomlar ilkinji gezek Älemiň ýaňy ýagty saçyp başlan döwrüne göz aýlap biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir