Napoleon Bonapartyň Waterloo söweşinde fransuz goşuny ýeňlenden soň ýitiren göwher tumary 3,5 mln Şweýsariýa frankyna (4,4 mln ABŞ dollary) satyldy. Bu barada Sotheby’s auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Harydyň başlangyç bahasy 120 – 200 müň frank boldy. Ahyrky baha komissiýa töleglerini hasaba almazdan 2,85 mln franka ýetdi – bu hem garaşylandan 14 esse ýokarydyr. Soňky teklip telefon üsti bilen aýdyldy, ýöne alyjynyň kimdigi mälim edilmeýär. Tumaryň diametri – 4,5 sm töweregi. Onuň merkezinde 13,04 karat agramly süýri göwher ýerleşip, ol tas ýüzlerçe ownuk daşlar bilen gurşalýar. Bu bezeg önümi, takmynan, 1810-njy ýylda Napoleon I üçin ýörite taýýarlanypdyr. Ol aýratyn dabaralarda, mysal üçin, söweş meýdanyndaky ýeňişden soň onuň iki burçly şlýapasynyň elementi hökmünde ulanylypdyr. Tumary Prussiýa esgerleri imperatoryň Waterloodan soň yza çekilende galdyrylan goşlarynyň arasyndan tapdy. Soň ol Prussiýanyň patyşasy Fridrih Wilgelm III-ä sowgat edildi. Häzire çenli ol hususy kolleksiýada saklanypdyr. Waterloo söweşi 1815-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolup, fransuz goşuny bilen antifransuz koalisiýasynyň (Awstriýa, Angliýa, Prussiýa, Russiýa we beýleki ýurtlar) goşunlarynyň arasynda aýgytly çaknyşyk boldy. 20-nji iýunda Napoleon Pariže gaýdyp geldi we gutarnykly el çekýändigi baradaky akta gol çekdi, şondan soň Keramatly Ýelena adalaryna iberildi we ömrüniň soňky ýyllaryny şol ýerde geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir