Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar hem-de Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrar. Sapara görülýän taýýarlyk barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy 15–16-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçiriler. R.Meredowyň hasabatyna görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.