16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada degişli teklibi wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni Hökümet mejlisinde hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir