Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklaýan Karara gol çekdi. Resminama Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi. 14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir