Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş etjek iň soňky uly ýaryşy boljakdygyny mälim etdi. Bu barada futbolçy Saud Arabystanynda geçirilen Tourise atly syýahatçylyk forumynda habar berdi diýip, "Mundo Deportivo" neşiri ýazýar. Çempionat 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçer. "Elbetde, bu hakykat, sebäbi men eýýäm 41 ýaşymda bolaryn. Öň aýdyşym ýaly, men pursatdan lezzet alýaryn" – diýip, Er-Riýadyň"Al-Nassr" klubunyň oýunçysy tassyklady. Karýerasynyň tiz wagtda tamamlanmagy baradaky soraga jogap berende, Ronaldu munuň ýene "on ýyldan" boljakdygy barada degişdi. "Meniň üçin bu "tiz wagtda" diýmegi aňladýar. Adamlar men "tiz wagtda" diýenimde, alty aýdan ýa-da bir ýyldandyr öýdýärler. Men degişýän" – diýip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi sözüniň üstüni ýetirdi. Türgeniň sözlerine görä, ýaşy ulaldygyça "aýlar sanalýar", ýöne şonda-da özüni gowy duýýar we oýundan lezzet alýar. Portugaliýaly futbolçy: "Men kuboklary gazanmak isleýärin. Men munuň üçin ýaşaýaryn" – diýip, sözüni jemledi. Ronaldu milli ýygyndyda 2003-nji ýyldan bäri çykyş edip, 225 oýna gatnaşdy, 143 gol geçirdi we 46 asist berdi. Ol milli ýygyndy bilen Ýewropa çempionatynda (2016) ýeňiji boldy we UEFA-nyň Milletler ligasynyň iki gezek (2019, 2025) ýeňijisi boldy. Ronaldu "France Football" neşiriniň "Altyn topunyň" (2008, 2016, 2017), "FIFA-nyň Altyn topunyň" (2013, 2014) we Ýewropanyň "Altyn butsysynyň" (2008, 2011, 2014, 2015) ençeme gezek eýesi boldy. Oktýabr aýynda ol baýlygy 1,4 milliard dollar bolan ilkinji milliarder-futbolçy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir