Şwesiýada belli suratkeş Karl Millesiň "Emigrantlar" atly bürünçden ýasalan heýkeli ogurlandy. Bu barada "Smålandsposten" gazeti habar berdi. Bu eser Wekşýö şäherindäki Emigrantlar öýüniň ýanynda ýerleşýärdi. Onuň ýitendigini 10-njy noýabrda ir bilen "Smoland" seýilgähiniň müdiri Lennart Ýuhansson ýüze çykardy. Ol ogrularyň bu eseri satyp bilmän, ony eredip metala öwürjekdigini çaklaýar. "Emigrantlar" heýkeli 1940-njy ýylda döredilipdir. Ol XIX asyryň ortalaryndan başlap, şwedleriň Amerika göçüşligine bagyşlanandyr. Eseriň agramy takmynan 125 kilograma barabardyr. Ýuhanssonyň sözlerine görä, bu Millesiň eserleriniň ilkinji gezek ogurlanyşy däl. 2024-nji ýylyň aprel aýynda onuň iki sany meňzeş "Günüň ýagtysy" eseri – olaryň biri Ýewle şäherindäki keselhanadan, beýlekisi bolsa Trelleborgdaky howuzdan ogurlanypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir