2025-nji ýyl soňky onýyllykda güýçli magnit tupanlarynyň sany boýunça rekordly bolup biler. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär. 13-nji noýabra çenli ýagdaýa görä Ýerde 61 magnit tupany hasaba alyndy. Olardan dördüsi G3 derejä, ikisi G4 derejä ýetdi. 12-nji noýabrda bolup geçen tupan iň ýokary G5 derejä ýetdi diýen ýaly. Barlaghana onuň 42 sagat dowam edip, soňky bäş ýylda ikinji iň güýçli tupan bolandygyny belleýär. Ýanwar – oktýabr aýlarynda hünärmenler 134 magnit tupanyny we geomagnit gozganmalaryny hasaba aldy – bu on ýyllyk gözegçilik döwründe rekorddyr. Deňeşdirmek üçin: 2024-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany kän däldi – 43, ýöne her dördünjisi diýen ýaly ýokary derejelidi. Şonda alty gezek G3, dört gezek G4 we bir gezek G5 derejeli gozganmalara syn edildi. Işjeňligiň deňeşdirip boljak derejesi 2015-nji ýylda bolup geçdi, şol wagt 72 magnit tupany hasaba alyndy. Olardan dokuzysy G3 ýa-da G4 derejä ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir