Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasynyň kömegi bilen ilkinji gezek orbita peýdaly ýük çykardy we onuň birinji basgançagyny Atlantikdäki barža yzyna gaýtardy. Uçuş ýerli wagt bilen 13-nji noýabrda 15:55-de (Aşgabat wagty bilen ertesi gün 01:55) Kanaweral burnundaky ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň bazasyndan amala aşyryldy. Uçuşdan üç minutdan soň diýen ýaly raketanyň ýokarky basgançagy aýryldy, on minutdan soň bolsa birinji basgançak eýýäm baržada durdy. Esasy peýdaly ýük Rocket Lab kompaniýasy tarapyndan döredilen iki sany ESCAPADE hemrasy boldy. Olaryň wezipesi Gün ýeliniň Marsyň atmosferasy we magnitosferasy bilen baglanyşygyny öwrenmekden ybarat. Viasat kompaniýasynyň goşmaça täjirçilik enjamy NASA-nyň aragatnaşyk tehnologiýalaryny synagdan geçirmek üçin blokda galdy. NASA üçin bu möhüm ädimdir. Eger ESCAPADE enjamlary Marsa ýetip, göz öňünde tutulan orbitalara çykyp bilse, bu agentligiň möhüm üstünligi bolar. Enjamlar ilki 1,5 mln km uzaklykdaky (häzir ol ýerde “Jeýms Uebb” teleskopy bar) Ýer-Gün ulgamynyň Lagranž L2 nokadyna ugrar. Ol ýerde Lagranž nokadynyň töweregindäki orbita boýunça hereket edip, bir ýyl bolar. Şondan soň Ýere yzyna gaýdyp, grawitasiýa usulyny ýerine ýetirer we Marsa ugrar. Ol ýere 2027-nji ýylyň sentýabrynda barmaly. Missiýa tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Rocket Lab diňe enjamlary dörediji bolup çykyş etdi, olar işe girizilenden soň, missiýany dolandyrmaklyk Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetine geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir