Mercedes-Benz CLA-nyň üçünji nesli şu ýyl ýazda elektrik ulag hökmünde tanyşdyrylyp, Hytaý bazary üçin uzaldylan ýygnama bilen çykypdy. Indi bolsa modeliň benzin bilen işleýän — has takygy, gibrid görnüşi hem elýeterli boldy. Nemes kompaniýasy Ýewropada täze CLA gibridleriniň sargytlarynyň badalga alandygyny habar berdi. Täze benzin-elektrik wersiýasy 1,5 litrlik turbokompresorly dört silindrli hereketlendiriji we 1,3 kW·s göwrümli litiý-ion batareýasyndan güýç alýan 30 at güýjündäki elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan sekiz tizlikli goşa ssepleniýaly geçiriş ulgamy (8F-eDCT) bilen birleşdirilýär. Komplektasiýasyna baglylykda umumy kuwwat: 156 at güýji, 184 at güýji ýa-da 211 at güýji bolup biler. CLA modeli öňden çekijili görnüşde hem 4Matic ähli tekerleri hereketlendiriji ulgamy bilen hem teklip edilýär. CLA 180 (öňden çekijili) 0–100 km/sag tizlige 8,8 sekuntda, CLA 220 4Matic bolsa 7,1 sekuntda çykýar. Garyşyk siklda ortaça ýangyç sarp edilişi 100 km üçin takmynan 5 litr. Şäher şertlerinde ulag diňe elektrik hereketlendirijisiniň hasabyna hem ýöremäge ukyply. Daşky görnüşde gibrid CLA elektrik görnüşine meňzeýär. Tapawutlary nusgawy hromly kese zolakly radiator gözenegi hem-de onuň aýratyn yşyklandyrylyş ulgamy. Modeliň bahasy 46,2 müň ýewrodan 54,2 müň ýewro aralygynda üýtgeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir