Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar. Mazda häzirki wagtda bu tehnologiýanyň giňden ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleriniň pesdigini boýun alýar. Ýöne nazary taýdan bu çözgüt awtoulag senagatyna düýpli täsir edip biler. Kompaniýa ilkinji ädim hökmünde suwotulardan bioýangyç öndürmegi ýola goýmagy teklip edýär. Şeýle ýangyjyň zyňyndylary, onuň ýanmagy döwründe çykýan CO₂-nyň takmynan diňe 10%-ine deň bolýar. Eger ulagdaky ýörite sorup alyş ulgamy çykýan CO₂-niň azyndan şol 10%-ini gaýtadan siňdirip bilse, onda ulag uglerod otrisatel hasaplanar. Sebäbi galan 90% CO₂ suwotularyň ösüşi döwründe eýýäm siňdirilen bolýar — şeýlelik bilen, ulag öz döredilişi bilen baglanyşykly zyňyndylaryň öwezini dolýar. Elbetde, bu tehnologiýany iş ýüzünde ornaşdyrmak aňsat däl. Bioýangyç giňden elýeterli bolaýanda hem, awtoulagyň özünde CO₂ tutujy ulgamyny ýerleşdirmek goşmaça agram, giňişlik we tehniki kynçylyklar döredýär. Mazda şeýle ulgamlaryň benzinli modellerde hem ulanylmagyny göz öňünde tutýar, emma kompaniýa bu babatda entek resmi borçnama almady. Şeýlelikde, häzirki wagtda gürrüň tehnologiýanyň mümkinçiliklerini görkezýän konsepsiýa hakda barýar.