“Jülgeli daglar” hususy kärhanasy ýangyn habar beriji, gazly ýangyn söndüriji we wideo gözegçilik ulgamlary gurnamak, sazlamak, abatlamak we ot söndürijileri doldurmak hem-de olara hyzmat etmek ýaly işleri ýerine ýetirýär. Hususy kärhana Türkmenistanyň çäginde medeni-durmuş, saglygy goraýyş maksatly ähli edara-kärhanalarda, şol sanda hususy kärhanalarda ýangyn suw geçirijileri, ýangyn söndürijileri, gazly ýangyn söndüriji we wideo gözegçilik ulgamlarynyň abzallaryny, enjamlaryny, gurallaryny we ýangyn habar beriji (signalizasiýa), gazly ýangyn söndüriji we wideo gözegçilik enjamlarynda öňüni alyş we tehniki taýdan hyzmat etmek we bejeriş işlerini alyp barýar. “Jülgeli daglar” HK Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Goranmak müdirliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdürliginiň Hojalyk müdürliginde, Türkmenistanyň ýokary kazyýetinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda, Kaka etrap "Nebit önümleri" kärhanasynda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşligi, “Demirýollary” AGPJ, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynda, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Gazdan benzin öndürýän zawodynda alnyp barylýan hyzmatlar boýunça işleri üstünlikli ýerine ýetirildi. Häzirki wagytda kärhana tarapyndan “Türkmenhowaýollary” Döwlet agentliginde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde, Türkmenistanyň Energetika ministliginiň garamagyndaky kärhanalarda, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynda, Aşgabat şäher häkimliginiň olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdürliginde, Türkmenistanyň dokma ministrliginiň kärhanalarynda ýerine ýetirilýän hyzmatlar boýunça işler alnyp barylýar. “Jülgeli daglar” HK hyzmatlary bilen gyzyklandyrma bildirýän taraplary hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar we ýangyn howpunyň öňüni almagyň, onuň netijeleri bilen göreşmekden has ýeňildigini ýatladýar. Habarlaşmak üçin: +99361446172 +99361447483 E-mail: julgelidaglarhk@gmail.com Salgysy: Aşgabat ş., Köpetdag etraby, N.Gullaýew köçesi, jaý 33.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir