12-13-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Institutyň habar bermegine görä, bäsleşige 10 sany daşary ýurtlaryň 49 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 121 sany, Türkmenistanyň 15 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 69 sany ylmy-taslama işleri hödürlendi. 12-nji noýabrda institutyň uly mejlisler zalynda bäsleşigiň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory halkara bäsleşigine gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän dabarada şeýle hem Kazan döwlet agrar uniwersitetiniň Mehanizasiýa we tehniki hyzmat institutynyň direktory, tehnika ylymlarynyň kandidaty W.Medwedew çykyş etdi. Günüň ikinji ýarymynda daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ylmy-taslamalary diňlenildi we seljerildi.