Hytaýly himikler beýlekiler bilen bir hatarda onkologiýa kesellerini bejermek üçin gymmat derman serişdelerini öndürmegiň adaty tehnologiýasyny üýtgedip biljek täze usuly oýlap tapdy diýip, South China Morning Post (SCMP) habar berýär. Ylmy gözleg Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Hançžou institutyndan Çžan Sýaheniň we Şanhaýyň organiki himiýa institutynyň professory Sýue Sýaosunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan geçirildi. Netijeler Nature žurnalynda neşir edildi. Hytaýda Sýahen bilen Sýaosunyň işi Nobel baýragyna dalaş edip biler diýlip hasaplanýar diýip, SCMP belleýär. Pfizer kompaniýasynyň uly ylmy işgäri Skott Begli ony “uly üstünlik” diýip atlandyrdy. Bellenilişi ýaly, ylmy gözlegçiler köp himiki maddalary döretmekde möhüm komponent bolan aromatik aminleri ulanmagyň has howpsuz we netijeli usulyny tapdy. 1884-nji ýyldan bäri aminleri bromidlere ýa-da hloridlere öwürmek üçin misiň goşulmagynda Zandmeýer reaksiýasy ulanylýardy. Ýöne bu prosesiň kem taraplary bar: aralyk diazoniýa birleşmeleri partlama howply bolup bilýär, mis duzlary bolsa köp mukdarda senagat galyndylaryny döredýär. Alymlar diazoniýa birleşmelerini nitro-toparlar bilen çalyşmagy teklip etdi. Täze usulda metallar ulanylmaýar, bu hem prosesi howpsuz edýär, galyndylaryň möçberini we wagt hem serişde çykdajysyny azaldýar diýip, Chemical & Engineering News žurnaly belleýär.