Koreýanyň Standartlar we ylymlar boýunça ylmy-gözleg institutynyň (KRISS) alymlary kristal buzuň täze, 21-nji görnüşini ýüze çykardylar. Ol 2 GPa-dan ýokary basyşda we otag temperaturasynda emele gelýär. Ol Ice XXI diýlip atlandyryldy diýip, Eurekalert neşiri habar berýär. Açyş kristallaşma prosesine has çuň düşünmäge, täze materiallary işläp taýýarlamaga we Saturn hem Ýupiter ýaly buz planetalarynyň içindäki prosesleri öwrenmäge kömek edýär. Täze görnüşi suwuň mikrosekuntda ençeme gezek doňmagyna we eremegine syn etmek arkaly ýüze çykarmak başartdy. Mundan öň buzuň temperatura we basyşa baglylykda üýtgeýän 20 sany kristal we iki amorf fazasy bellidi. Faza geçişiniň çylşyrymly zolagy 0 bilen 2 GPa-nyň aralygy bolup, bu ýerde biri-birini çalt çalyşýan ondan gowrak görnüş bar. Günorta koreýaly alymlar Ice XXI-i bu diapazonyň ýokarky çäginde – otag temperaturasynda we 2 GPa basyşda (takmynan, 20 müň atmosfera) hasaba aldy. Tejribe üçin suw nusgalaryny millisekuntda deňölçegli gysýan dinamiki almaz sandal (dDAC) ulanyldy. dDAC-da gurnalan elektrik pýeza datçikleri hakyky wagtda suwuň basyşyny we özüni alyp barşyny yzarlamaga mümkinçilik berdi. XXI buzunyň döredilmegi barlaghana şertlerinde geçirildi: ilkibaşda alymlar VI kristal buzy aldy, soňra European XFEL rentgen lazeriniň kömegi bilen kristallaşmanyň täze ýollaryna syn etdi. XXI buzy özboluşly gurluşy bilen tapawutlanýar: onuň kristal ýaçeýkasynyň tekiz, deň taraply guty ýaly şekili bar. Bu görnüş ähli belli bolan buz kristallarynyň arasynda iň özboluşlysy bolup, materiallary öwrenmekde we paleontologiýa üçin täze mümkinçilikleri açýar.