Toyota öz Hilux pikabynyň dokuzynjy neslini hödürledi. Täze modeliň global premýerasy Bangkokda geçirildi we bu ýerde awtomobiliň elektrik görnüşi-de görkezildi. Pikabyň eksterýeri we interýeri doly gaýtadan işlendi, şol bir wagtyň özünde Hilux-yň tanalýan stili saklandy. Ulagyň öň bölegi has agressiw boldy: inçe yşyk diodly çyralar peýda boldy, bamper üýtgedildi, ýük ýeriniň gapagynda uly Toyota ýazgysy ýerleşdirildi. Interýerde ýiti şekiller ulanyldy. Ol uly merkezi ekrana, adaty transmissiýa selektoryna (onuň formasy güýç enjamynyň görnüşine baglylykda üýtgeýär) we köp sanly fiziki düwmelere eýe boldy. Ýangyç bilen işleýän Hilux-yň salonynda doly herekete getiriji üçin ryçag hem bar. Pikabyň ululygy-da sähel üýtgedi: uzynlygy – 5320 mm, beýikligi – 1800 mm, tigir bazasy öňküligine galdy – 3085 mm. Elektrik Hilux umumy kuwwaty 196-197 at güýjüne deň bolan iki hereketlendiriji we 59,2 kWt/sag sygymly litiý-ion batareýasy bilen enjamlaşdyryldy. Ulagyň NEDC sikli boýunça bir zarýadda 300 km ýol geçip biljekdigi bellenilýär, ýöne hakyky ulanylyşda görkeziji pes bolup biler. Mundan başga-da, elektrik görnüşde radiator gözenegi ýok. 2026-njy ýylda model Aziýada satylyp başlanar, soňra Ýaponiýa üçin dizel görnüşi çykar. 2028-nji ýylda kompaniýa Ýewropa bazary üçin wodorod Hilux FCEV-i hem çykarmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir