ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda iň uzak dowam eden hökümet işiniň togtadylmagyna (“şatdaun”) nokat goýup, wagtlaýyn maliýeleşdirmäge degişli kanuna gol çekdi diýip, CNN habar berýär. Şeýlelikde, 40 günden gowrak dowam eden federal hökümetiň işiniň togtadylmagy resmi taýdan soňlandy. Kabul edilen resminama 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli döwür üçin maliýeleşdirmäni üpjün edýär we döwlet edaralarynyň işini derrew dikeltmäge mümkinçilik berýär. Syýasy çökgünlik respublikanlar bilen demokratlaryň arasyndaky ylalaşmazlykdan döräpdi. Demokratlar elýeterli saglygy goraýyş baradaky kanun (Affordable Care Act, ýa-da “Obamacare”) boýunça berilýän subsidialaryň möhletini uzaltmagy talap edipdiler. Bu kanun 24 million amerikan raýatyna saglyk ätiýaçlandyryşyny elýeterli edýär. Ylalaşyk, bir topar orta ugurly demokratlaryň we bir garaşsyz senatoryň partiýa ugruna garşy çykyp, wagtlaýyn kanuny goldamagy netijesinde gazanyldy. Netijede, kanun 60 ses bilen makullanyldy. Demokrat partiýasynyň progresiw ganatynyň tankydyna jogap hökmünde olar çökgünligiň dowam etdirilmeginiň gowy netijä getirmejekdigini aýtdylar. Täze kanun taslamasy üç sany ýyllyk býujet bukjasyny öz içine alýar — harby gurluşyk, kanun çykaryjy häkimiýet hem-de Oba hojalyk ministrligi üçin. Şeýle hem iki partiýanyň arasynda gazanylan ylalaşyk döwlet gullukçylarynyň wezipesine gaýtarylyp, yza süýşen zähmet haklarynyň tölenmegini kepillendirýär. Şatdaun döwründe federal edaralaryň takmynan 700 müň işgäri tölegsiz rugsatda boldy. Dispetçerleriň ýetmezçiligi sebäpli köp howa gatnawlary ýatyryldy, şeýle hem SNAP azyk kömegi programmasy (onuň bilen 42 mln amerikan peýdalanýar) bökdençliklere sezewar boldy. Indi hökümet adaty iş tertibine dolanýar, işgärler bolsa ýitirilen haklaryny yzyna alarlar. Resminama gol çekilenden soň, Donald Tramp, şatdaun döwründe işini dowam eden howa dispetçerlerine 10 müň dollarlyk bonus tölenmegini hem maslahat berdi.