ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy. Cantor Fitzgerald bankynyň ýolbaşçysy, ABŞ-nyň söwda ministri Howard Latnigiň ogly Brendon Latnik sosial ulgamda: “Satşi Amerikada! Bu täsir galdyryjy skulpturany Maýamä getirmek bilen buýsanýarys,” — diýip ýazdy. Ýadygärligiň nusgalaryny Satoshigallery atly sungat topary ýerleşdirýär. Şonuň ýaly heýkeller eýýäm Şweýsariýada, Ýaponiýada we Salwadorda bar. Mundan başga-da, Satoşi Nakamotonyň adyna aýratyn ýadygärlik Budapeştde (Wengriýada) goýlupdyr. Heýkeliň awtory — bitkoin entuziasty Walentina Pikottsi. Heýkel bürünçden ýasalan bolup, kapýuşonly oturan adamy şekillendirýär. Onuň ýüz keşbi ýok, sebäbi Satoşi Nakamotonyň şahsyýeti entegem näbelli. Satoşi Nakamoto — 2008-nji ýylda bitkoin döredilende ulanylan lakam bolup, ol bir adama ýa-da toparyň adyna degişli bolup biler. Şahsyýetini anyklamak boýunça birnäçe synanyşyklar edilse-de, ol entegem syry açylmadyk ýagdaýda galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir