Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özaraarabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady. "Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň we bulut tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Alnyp barylýan işleriň çäklerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar, internet ulgamynyň mümkinçilikleri giňeldilýär" diýlip gutlagda aýdylýar. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ähli pudaklarda işleri ýokary derejede alyp barmakda we ykdysady-durmuş amatlyklaryny döretmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge şert döredýär. "Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwrebap talaplara laýyk gelýän «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak pata bermegi bilen, täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G tehnologiýasy işe girizildi" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär. "Halkara derejedäki bu ýöriteleşdirilen forumlaryň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýlip gutlagda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir