Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi. Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy. Reýtingiň öňki lideri, italiýaly Ýannik Sinner 1500 utuk ýitirdi we ikinji orna düşdi. Alkaras 200 utuk ýitirdi, bu hem dünýäniň birinji raketkasy bolmaga mümkinçilik berdi. Üçlügi germaniýaly Aleksandr Zwerew jemledi. Serbiýaly Nowak Jokowiç Afinadaky ýaryşda ýeňiş gazanandan soň dördünji orny eýeledi. Ol finalda italiýaly Lorenso Muzettini utdy. 10-njy noýabra çenli ýagdaýa görä ATP reýtinginiň ilkinji onlugy: 1 (2). Karlos Alkaras (Ispaniýa) — 11 050 utuk 2 (1). Ýannik Sinner (Italiýa) — 10 000 3 (3). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) — 4 960 4 (5). Nowak Jokowiç (Serbiýa) — 4 830 5 (6). Ben Şelton (ABŞ) — 3 970 6 (4). Teýlor Fris (ABŞ) — 3 935 7 (7). Aleks de Minaur (Awstraliýa) — 3 935 8 (8). Feliks Ože-Alýassim (Kanada) — 3 845 9 (9). Lorenso Muzetti (Italiýa) — 3 840 10 (11). Jek Dreýper (Beýik Britaniýa) — 2 990