15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir. Festiwal BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt edarasy tarapyndan ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen guraldy. “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tebigaty goramaga bagyşlanan interaktiw diwarlygy taýýarlaýar. Bu ýerde “Akyl synagy”, “Üns oýny” “Ýuurtga gaply towşanlaryň ýaryşy”, “Reaksiýa oýny”, “Sanamak we plastmassa gapjagazlary ýerleşdirmek” we beýleki oýunlar görkeziler. Oýunlar üçin ähli esbaplar gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanyldy. Munuň maksady tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmekden ybarat. Iň işjeň gatnaşyjylara sowgatlar berler. Festiwalyň maksatnamasynda dürli sport çäreleri, döredijilik giňişligi we ähli ýaşdakylara niýetlenen gyzykly dynç alyş meýdançalary bolar. Guramaçylar isleg bildirýänleriň ählisini gatnaşmaga çagyrýar. Festiwal şenbe güni sagat 14:00-dan 16:30-a çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir