“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi. Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy. Ikinji bolup pellehana “Mersedesden” italiýaly Kimi Antonelli geldi. Üçlügi ýaryşa pit-leýnden başlandygyna garamazdan, “Red Bulldan” häzirki çempion, niderlandly Maks Werstappen jemledi. Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 4. Jorj Rassell (Beýik Britaniýa, “Mersedes”), 5. Oskar Piastri (Awstraliýa, “Maklaren”), 6. Oliwer Berman (Beýik Britaniýa, “Haas”), 7. Liam Louson (Täze Zelandiýa, “Reýsing Bulls”), 8. Isak Hajar (Fransiýa, “Reýsing Bulls”), 9. Niko Hýulkenberg (Germaniýa, “Kik Zauber”), 10. Pýer Gasli (Fransiýa, “Alpin”). Ýaryşy “Ferrariniň” iki sürüjisi-de tamamlap bilmedi. Antonelli “Maklarenden” awstraliýaly Oskar Piastri bilen çaknyşandan soň, Şarl Lekleri kakdy. Şol sebäpli Lekler ýaryşdan çykmaly boldy. Britaniýaly Lýuis Hemilton hem birinji aýlawda bolidine zyýan ýetirdi, soňra boksa girip, ýaryşy möhletinden ir tamamlady. Braziliýaly Gabriel Bortoleto (“Kik Zauber”) ýaryşdan çykan üçünji sürüji boldy, ol kanadaly Lens Stroll (“Aston Martin”) bilen çaknyşdy. Indiki tapgyr 23-nji noýabrda Las-Wegasda geçiriler.