LEGO kompaniýasy Bred Pitt bilen Damson Idrisiň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde çykan “F1” filmine bagyşlanan täze toplumy görkezdi. Toplum 268 bölekden ybarat bolup, ýaryş awtomobilini, şeýle-de baş gahrymanlaryň kiçi heýkeljiklerini: Sonni Heýsi (Bred Pitt) we Joşua Pirsi (Damson Idris) öz içine alýar. Toplum 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda satuwa çykarylar. Onuň bahasy 27,99 dollara barabar. LEGO meşhur filmlerden we seriallardan ylham alan kolleksiýa toplumlaryny yzygiderli çykarýar. Ýakynda kompaniýa Megazordyň modelini – “Güýçli reýnjerler” franşizasyndan uly robot transformeri hödürledi. “F1” filminiň özi iýulyň başynda Apple TV-de iň köp girdeji gazanan taslama boldy. Onuň girdeji ýygymy Ridli Skottyň “Napoleon” (221 mln dollar) we Martin Skorsezeniň “Gül Aýynyň ganhorlary” (158 mln) filmleriniň görkezijilerinden geçdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir