27–30 oktýabr aralygynda Aşgabatda çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany tarapyndan, ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan çäre, ýurdumyzda çagalary goramak boýunça milli ulgamy ösdürmekde we Türkiýäniň Adalatçynyň institutynyň tejribesini paýlaşmakda möhüm ädim boldy. Çaganyň hukuklary boýunça türkiýeli hünärmenler Türkmenistanda çagalary goramak ulgamyny kämilleşdirmäge kömek edip biljek amaly usullary we üstünlikli tejribäni hödürlediler. Şeýle hem seminarda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, şikaýatlaryň kabul edilmegi we olara degişli derňewleriň geçirilmegi meselelerine aýratyn üns berildi. Seminaryň aýratyn bölümi Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň sosial iş boýunça hünärmenlerine bagyşlandy. Olary «öň hatardaky işgärler» diýip atlandyryp, ejiz maşgalalary goldamakda we kömege mätäç çagalary ýüze çykarmakda olaryň möhüm roly nygtaldy. «Biz jogapkär düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmagy dowam etdireris. Maksadymyz – her bir çaganyň hukuklarynyň doly goralmagyny we berjaý edilmegini üpjün etmek» diýip, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýke Beýker belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir