ABŞ-da federal edaralar bilen işleýän kompaniýalar hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli ilkinji dört hepdede 12 mlrd dollar ýitirdi. Kongresiň deputatlaryna berlen ABŞ-nyň Söwda palatasynyň hasabatyna görä, 65 500 töweregi kiçi kärhana şatdaun başlany bäri her hepde, takmynan, 3 mlrd dollar ýitirýär. Hökümet işiniň bes edilmeginden, esasan, ýokary tehnologiýaly enjamlar, ofis harytlary we landşaft dizaýny boýunça hyzmatlar bilen üpjün edijiler zyýan çekdi. Döwlet potratçylary üçin agyr ýagdaý Merilendde we Wirjiniýada hasaba alynýar, ýöne Alabama, Kaliforniýa, Florida we Tehas ýaly beýleki ştatlarda hem 1-nji oktýabrdan, şatdaun başlany bäri girdejisi pese gaçan kompaniýalar köp. Söwda palatasy kompaniýalar ýene işläp biler ýaly Kongresi gysga möhletli maliýeleşdirme barada kanun taslamasyny kabul etmäge çagyrdy. Çünki, federal işgärlerden tapawutlylykda, telekeçileriň hukuk goragy ýok we işsiz galandygy üçin öwez tölegini almaýar. Wekiller palatasynyň respublikanlar tarapyndan goldanan hökümeti wagtlaýyn maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyna Senatda 13 gezek seredildi, ýöne her gezek zerur 60 sesi ýygnamady. Demokratlar hem, öz gezeginde, elýeterli lukmançylyk hyzmatlary baradaky kanunyň çäklerinde lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin şu ýyl möhleti gutarýan giňeldilen salgyt ýeňillikleriniň uzaldylmagyny gazanmaga çalyşýar diýip, CNBC habar berýär.