Mercedes-Benz Group-yň 2025-nji ýylyň üçünji çärýegindäki arassa girdejisi 1,19 milliard ýewro bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 31% azdyr diýip, konserniň maliýe hasabatynda aýdylýar. Kompaniýa girdejiniň azalmagyny, esasan, satuwyň peselmegi we Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan onlarça ýurda girizilen import salgytlarynyň täsiri bilen düşündirýär. Mundan başga-da, konsern Germaniýadaky işgärlere tölenýän işden çykaryş tölegleri hem-de daşary ýurtdaky önümçiligi optimizirlemek üçin ýüzlerçe million ýewro sarp etdi. Umuman, şu maksatlar üçin üçünji çärýekde 876 million ýewro çykdajy edildi. Mercedes-Benz-iň umumy girdejisi geçen ýylda 34,53 milliard ýewro bolsa, şu ýyl 32,14 milliard ýewro boldy. Kompaniýanyň çaklamasyna görä, 2025-nji ýylda iň iri awtomobil bazarlary — ABŞ, Hytaý we Ýewropa — geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösmeýär. Amerikan bazarynda goşmaça import salgytlary satuwa ýaramaz täsir etdi, Hytaýda bolsa sarp edijileriň isleginiň pes bolmagy we ýerli öndürijiler bilen güýçli bäsdeşlik ýagdaýy döredi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir