30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksporty ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler halkara meýdançalarda, hususan-da, BMG-niň çäklerinde möhüm halkara başlangyçlary özara goldamak we awtordaşy bolup çykyş etmek boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şol gün Serbiýa saparynyň çäklerinde Ahmet Gurbanow Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO-2027» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň direktory Danilo Ýeriniç bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2027-nji ýylyň 15-nji maýy – 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir